Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Senet» dürli pudaklar üçin dokalmadyk spanbond materialynyň dürli görnüşlerini hödürleýär

10:3302.05.2023
0
33461

«Türkmen Senet» hojalyk jemgyýeti dokalmadyk spanbond matalaryny we bu matadan önümleri öndürýän Türkmenistanda iň uly öndürijileriň biridir. Kärhananyň önümleri diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden tanalýar.

«Türkmen Senet» spanbonddan bir gezek ulanylýan gorag önümlerini öndürýär: lukmançylyk edaralary we azyk kärhanalary üçin halatlary we kombinezonlary, uçarlaryň oturgyçlary üçin ýassyklyklar, bir gezeklik örtük matalary, şeýle hem söwda haltalary, eşikler üçin daşlyklar, organaýzerler.

«Türkmen Senediň» spanbond matasy oba hojalygynda örtük materialy hökmünde ulanylýar, onuň kömegi bilen ýyladyşhana gurulýar. Kärhanada dürli reňklerde – ak, gara, gyzyl, gök, gaýmak reňkde we beýleki reňklerde, şeýle hem dürli dykyzlyklarda spanbond öndürilýär.

Spanbond öndürmek üçin çig mal Türkmenistanda – Gyýanlydaky polimer zawodynda we Balkan welaýatyndaky Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýär.

«Türkmen Senet» kärhanasy öz önümçilik ugry boýunça öňdebaryjylaryň biri bolan «Sarayan» tikin kärhanasynda işgärleri üçin ýörite lybaslary tikmegi sargyt edýär. «Sarayan» lukmançylyk edaralarynyň, azyk we senagat kärhanalarynyň, kafeleriň, restoranlaryň, myhmanhanalaryň, iri dükanlar zynjyrynyň, gurluşyk kompaniýalarynyň we oba hojalyk ulgamynyň işgärleri üçin ýörite lybaslary we iş eşiklerini öndürýär.

«Türkmen Senet» kärhanasynyň salgysy: Aşgabat, Gurtly ýaşaýyş toplumy, 23-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 63) 26 22 99, (+993 61) 90 66 09, (+993 65) 69 71 37, (+993 12) 59 53 35. Sosial ulgamdaky sahypasy. Resmi saýty turkmensenet.com.

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň