Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenportal» we «Sarayan» HJ hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler

09:5314.02.2023
0
37731

«Turkmenportal» tor neşiri we «Sarayan» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige maglumat goldawyny bermek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

Ylalaşygyň baglaşylmagynyň esasy maksady – ýerli telekeçileriň we kärhanalaryň dürli iş ugurlarynda bilelikdäki ösüşini hem-de maglumat taýdan ilerlemegini gazanmakdan ybaratdyr.

Şertnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Turkmenportalyň» öz internet-gurşawlarynda «Sarayan» kärhanasynyň müşderileri barada maglumatlary ýerleşdirmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolar. Munuň üçin Türkmenistandaky kompaniýalaryň kärhanada ýörite lybaslary we iş eşiklerini tikmek üçin sargyt etmegi gerekdir.

Ýatlatsak, «Sarayan» ýokary hilli ýörite lybaslaryň önümçiligine ýöriteleşendir.

Habarlaşmak üçin «Sarayan» HJ-niň maglumatlary:

  • (+993 65) 68 47 01;
  • (+993 65) 68 47 02;
  • (+993 12) 21 02 17;
  • Факс: (+993 12) 21 02 18.
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron poçta: sarayan@degirmen.group.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň