Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygyny belleýär

11:4424.04.2023
0
37311

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy şu aýda 30 ýyllygyny belleýär. Kompaniýa öz işine 1993-nji ýylyň aprelinde başlap, bu döwürde esasy maksadyny durmuşa geçirmekde – ilatyň häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy.

1993-nji ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenpoçta» Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy boldy we döwletleriň poçta operatory derejesini aldy, bu bolsa poçtany ibermek we eltip bermek işini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda kompaniýa ýüzlerçe poçta markasyny çykardy, bu bolsa dünýäniň poçta guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşdy. Markalaryň mowzugy – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy, taryhy ýadygärlikler, medeniýet we sungat, ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsi, sportdaky üstünlikler we ş.m.

Poçta hyzmatlarynyň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek üçin «Türkmenpoçta» EMS «Express Mail Service» hyzmatynyň ýolbeletleri bilen birleşdirildi, bu bolsa ýollamalary Ýer şarynyň islendik nokadyna 3-4 günüň içinde eltip bermäge mümkinçilik berdi. Bu hyzmatyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana getirilýän habarnamalaryň, ýollamalaryň sanynyň ep-esli artmagyna hem goşant goşdy.

Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde «Türkmenpoçtanyň» hyzmatlar ulgamynyň iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän şahamçalary bar we olarda 2000-den gowrak adam zähmet çekýär. Ýokary hyzmat ülňüleri, baý tejribe we ýola goýlan sazlaşykly logistika ulgamy kompaniýa gysga möhletde, hatda Türkmenistanyň iň uzak we barmasy kyn ýerlerinde-de gymmatly ýollamalary we möhüm hatlary ibermäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda poçta aragatnaşyk kompaniýasy müşderilerine poçta arkaly pul geçirimlerini, anyk gymmaty bolan hatlary, ýollamalary, abuna ýazgylaryny, GDA ýurtlaryna pul geçirimlerini öz içine alýan dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýär. Ol lomaý we bölek söwda işlerini alyp barýar (kanselýariýa we hojalyk harytlary, ylalaşyklaryň söwda görnüşleri), şeýle hem abonentlik töleglerini we halkara telefon jaňlaryny, jemagat hyzmatlarynyň töleglerini geçirmegi, ýollamalary, kiçi torbalary, bukjalary gaplamagy, poçta ibermegi we EMS hyzmatlaryny üpjün edýär.

Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmatlarynyň meşhurlygy günsaýyn artýar. Onuň müşderilerileriniň hatarynda aýratyn şahsyýetler we hususy telekeçiler, şeýle hem internet-dükanlary, iri guramalar bar. Bu hakykat «Türkmenpoçta» ösüş üçin, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge itergi berýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda müşderi çapary öýüne ýa-da iş otagyna çagyryp, gaplamak we saklamak hyzmatlaryny sargyt edip biler, ýollamanyň ýa-da beýleki bukjalaryň ýerleşýän ýerini yzarlap biler.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «Çapar» ykjam programmasyny işläp düzüjidir we onuň işleýşini gowulandyrmak hem-de giňeltmek boýunça işlerini dowam etdirýär. Häzirki wagtda «Çaparyň» üsti bilen türkmenistanlylar IIM-niň PÝGG-niň jerimelerini, jemagat hojalygy hyzmatlary, «Belet Film» onlaýn kinoteatrynyň we «Älem TV» hemra teleýaýlymynyň hyzmatlary üçin tölegleri töläp bilerler, poçta ibermek üçin çapary çagyryp, suw sargyt edip we başga-da köp sanly hyzmatlardan peýdalanyp bilerler. Mundan başga-da, ykjam programmada dürli guramalaryň we edaralaryň telefon belgileri bardyr.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has anyk maglumatlary guramanyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň