Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» ýollamalary «gapydan gapa» eltip bermek hyzmatyny hödürleýär

10:4222.04.2023
0
53618

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ilata hödürlenýän häzirki zaman poçta hyzmatlaryny kämilleşdirmek we işe sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan syýasatyň çäklerinde «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär.

Bu hyzmatdan peýdalanyp, öýüňizden ýa-da iş otagyňyzdan çykman, Türkmenistanyň ähli ýerine ýollama ýa-da bukja ibermek, şeýle hem almak mümkindir. Ýollamalar 2-3 günüň içinde eltilip berilýär we diňe iberilen adama gowşurylýar.

Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda müşderi diňe bir özi üçin amatly ýerde we wagtda çapary çagyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gaplamak we saklamak hyzmatlaryny hem sargyt edip biler.

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatyny kompaniýanyň post.tm saýtynda hasaba alnyp ýa-da (+993 12) 92 14 95 belgä jaň edip, şeýle hem «Çapar» ykjam programmasy arkaly sargyt etmek mümkindir. Ykjam programmada ähli tölegler «Altyn asyr» ulgamynyň bank kartlary arkaly awtomatiki usulda amala aşyrylýar. Maglumatlaryňyzyň howpsuzlygy häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär we kepillendirilýär.

Mundan başga-da, «Çapar» ykjam programmasy arkaly we post.tm saýtynda ýollamalary ýa-da beýleki hat alyşmalary ýokary derejede tiz yzarlamak mümkindir.

Munuň üçin gözleg meýdançasyna ýol belgisini girizmeli we ulgam bukjanyň ýerleşýän ýerini birnäçe sekundyň içinde görkezer.

«Çapar» ykjam programmasy «Google Play-de» we «App Store-de» ýüklemek üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň