18-nji aprelde Aşgabadyň 60-njy mekdebinde adaty bolmadyk sapak geçirildi. Mekdebe «ImdatBot» çagalar robototehnika bilim merkeziniň wekilleri bardylar we «Häzirki zaman mekdebiniň iň täze tehnologiýalary» mowzugy boýunça açyk sapak geçirildi.
Sapagyň dowamynda çagalar «Codey Rockey» we «mBot» robotlarynyň dizaýny bilen tanyşdylar, şeýle hem «Scratch» dilinde programmirlemegiň esaslary barada söhbet edildi. Mundan başga-da, mekdep okuwçylary diňe bir robotlary görüp ýa olary elläp görmek bilen çäklenmän, eýsem olary dolandyryp görmäge hem mümkinçilik aldylar.
«Häzirki döwrüň oglan-gyzlary robotlar bilen ýakyndan gyzyklanýarlar. Olar robotlaryň nähili işleýändigini anyklamaga çalyşýarlar» diýip, «ImdatBot»-yň mugallymy gürrüň berýär.
Şeýle hem şu gün mekdepde edebiýat, matematika, himiýa we ş.m. dersler boýunça hem açyk sapaklar geçirildi. Mekdebiň eýwanynda açyk sapaklaryň mowzuklaryna bagyşlanan sergiler hem guraldy.
Şeýle-de okaň: