Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygy Çaba Kereşi bilen duşuşdy.
Baş Assambleýanyň Başlygy BMG-niň 2023-nji ýyldaky ählumumy suw gorlary boýunça maslahatyna işjeň gatnaşandygy we Baş Assambleýanyň wise-prezidenti hökmünde zyňyndylaryň derejesini Nola çenli azaltmak boýunça ýokary derejeli ýygnaga başlyklyk edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Kereşi öz Twitter sahypasynda mälim etdi.
Mundan başga-da, taraplar duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy saklamak boýunça ýakyn wagtda boljak çekişmäni ara alyp maslahatlaşdylar.
Ozal Türkmenistanyň 2024 — 2026 ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanandygyny habar beripdik.