Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi guramalary üçin saýlawlar geçirildi.
Saýlawlaryň barşynda EKOSOS-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde biragyzdan saýladylar. Ýatlap geçsek, ozal Türkmenistan 2018—2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolup saýlanypdy.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 13 komissiýasynyň, komitetiniň we geňeşiniň agzasydyr. Şeýle hem Türkmenistan 7 gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.
ÝUNISEF-iň Gaznanyň işine hökümetara goldaw berýän dolandyryş edarasy bolan Ýerine ýetiriji geňeşiň agzasy hökmünde Türkmenistan ÝUNISEF-iň işine syn bermäge we onuň syýasatyny, ýurt maksatnamalaryny we maliýeleşdirmesini pugtalandyrmaga gatnaşar. Munuň özi Türkmenistanyň Hökümetine gaznanyň işini utgaşdyrmak we dünýä derejesinde çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin umumy kabul edilen maksatlary durmuşa geçirmek boýunça tejribe we milli tejribe alyşmak üçin goşmaça mümkinçilikler döreder.