Soňky habarlar

Arhiw

CAFA ― 2023-e gatnaşjak ýygyndylar wekilçiligini 31-nji marta çenli tassyklamaly

14:1527.03.2023
4
33388

Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, CAFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Rawşan Irmatow CAFA ― 2023 çempionatyna gatnaşmaga teklip ýollanan federasiýa tarapyndan milli ýygyndynyň bu ýaryşa gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny 31-nji marta çenli tassyklamalydygyny aýtdy.

«Ähli döwletlere teklipler ýollanyldy. Berlen birnäçe günlük möhletiň dowamynda her bir ýygyndy gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny tassyklamaly. Edil häzir CAFA bilen milli federasiýalaryň arasynda hiç hili düşünişmezlik ýok. Ýaryşyň geçirilmegini hemmeler goldaýar. Eger ýaryş ýokary derejede geçirilýän bolsa, ol näme üçin goldaw tapmaly dälmişin? Futbol şol goldawdan peýdalanýar. Taraplara tassyknamalaryny bermek üçin şu aýyň ahyryna çenli möhlet berildi» diýip, TASS Rawşan Irmatowyň aýdanlaryny getirýär.

Ýaryşa CAFA wekilçilik edýän ähli ýygyndylaryň ― Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem oňa Tailandyň we Russiýanyň ýygyndylary gatnaşar.

Ýaryş şu ýylyň iýun aýynda Bişkek (Gyrgyzystan) we Daşkent (Özbegistan) şäherlerinde geçiriler. Onuň netijesi FIFA-nyň reýtingine täsirini ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň