Arhiw

«Alpha Home» hususy sargyt boýunça mebeller üçin göterimsiz möhletlere bölüp tölemek hyzmatyny resmileşdirmegi teklip edýär

10:0221.03.2023
0
35362

«Alpha Home» mebel dizaýn studiýasy sargyt boýunça ýumşak we gabaraly mebelleri taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär, şeýle hem 3 aýdan 6 aýa çenli möhlete bölmek bilen göterimsiz töleg mümkinçiligi barada habar berýär.

Möhletlere bölüp tölemek hyzmaty resmileşdirilende pasportyň göçürmesini we iş ýerinden kepilnama getirmek, şeýle hem sargydyň umumy bahasynyň 30%-ni geçirmek zerurdyr. Tölegiň galan bölegi her aýda degişli ýazgylaryň berlimegi esasynda deň möçberlerde geçirilýär.

«Alpha Home» tarapyndan sargyt edijiler üçin döredilen ýeňillik Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň agramly bölegine öýleriniň we iş otaglarynyň içki gurluşyny täzelemäge mümkinçilik berýär.

Mebel dizaýny studiýasynyň wekiliniň bellemegine görä, «Alpha Home» topary dizaýn taslamasynyň ideýanyň döremeginden we materiallaryň saýlanylmagyndan başlap, ony gurnamaga çenli ähli tapgyrlarynda goldaw berýär we ony gözegçilikde saklaýar.

«Alpha Home» studiýasynda islendik görnüşli mebeli sargyt etmek mümkindir – ýatylýan otag ýa-da aşhana üçin mebeller, çaga otagy üçin, myhman otagy ýa-da girelge otagy üçin mebeller.

«Alpha Home-da» sargyt etmek üçin studiýanyň ofisine şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 186, («Bereket» binasy), girelge howludan.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 и (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň