Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TBM Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyşyň tamamlanmagyna iki gün galandygyny ýatladýar

15:3020.03.2023
1
66022

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça seçip alyş işiniň tamamlanmagyna iki gün galandygyny ýatladýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary seçip alyş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda saýlanylýar.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary 2023-nji ýylyň 15-22-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Seçip alyş synaglary 2023-nji ýylyň 29-31-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär.

Seçip alyş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

  • Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169,
  • tel.: 39-85-62, 39-85-25
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň