Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işi geçirilýär

10:0514.03.2023
0
60426

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary seçip alyş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda saýlanýar.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolýar.

Resmi iş kagyzlary 2023-nji ýylyň 15 — 22-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
  • Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýän daşary ýurt raýatynyň bellenen nusga boýunça sowalnamasy;
  • umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
  • COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
  • soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • seçip alyş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Seçip alyş synaglary 2023-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär.

Seçip alyş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Seçip alyş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçe, 169.
  • Telefon belgileri: 39-85-62, 39-85-25.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň