Top.Mail.Ru

Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşik geçiriler

22:1824.02.2023
0
48413

Bu bäsleşigi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýurduň taryhynda ilkinji gezek ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan resmi internet saýtlarynda we diplomatik ýollar arkaly, nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ugurlary boýunça halkara bäsleşik yglan ediler.

Halkara bäsleşigi iki tapgyrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçiriljek halkara bäsleşigiň ýurduň ýaşlarynyň ylym-bilim dünýäsine mundan beýläk-de işjeň aralaşmagyny üpjün etjekdigini belledi hem-de bu bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň