Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy giňeldilýär

14:3821.02.2023
1
80889

Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine» käbir üýtgetmeleri girizdi. Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda 1685 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy we kanuny maglumatlar portalynda çap edildi.

Resminamanyň bäşinji bölümine möhüm üýtgeşme girizildi. Indi Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyna Moskwanyň «Uniwersitetiň üç wezipesi» atly rus halkara uniwersitetleriniň reýtingi girýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi QS World University Rankings reýtingine girýän daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlaryny ykrar edýär.

«Uniwersitetiň üç wezipesi» atly rus halkara uniwersitetleriniň reýtingi — akademiki reýting we ussatlyk boýunça IREG Observatory on Academic Ranking and Excellence halkara birleşiginiň gatnaşmagynda Russiýanyň Reýting düzüjiler birleşigi tarapyndan işlenip düzülen ýokary bilim edaralarynyň global reýtingidir. Reýtingdäki uniwersitetler bilimiň hili, ylmy iş derejesi, şeýle hem uniwersitetleriň jemgyýete goşan goşandy boýunça tertipleşdirilýär. Reýting 2017-nji ýyldan bäri her ýyl çap edilýär. Oňa 2022-nji ýylda 103 ýurtdan 1800 uniwersitet girizildi.

Resminamalaryň sanawyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň