Russiýa «Russiýa—Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumynda Türkmenistan bilen birnäçe ylalaşyk baglaşar

16:2306.02.2023
0
32210

Russiýanyň hökümeti Kazanda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumynyň çäginde demirýol we ulag gurluşyk meýilnamalaryny Türkmenistan bilen sinhronlamak baradaky ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň sözlerine salgylanyp, «TASS» habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Gazagystana, Türkmenistana, Eýrana, Hindistana geçelgeler möhüm bolmagynda galýar. Kazanda geçiriljek sammitde Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda demir ýol we ulag gurluşyk meýilnamalaryny sinhronlamak barada şertnamalara gol çekişmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende bellesek, «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriler.

Ozal Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda türkmenistanly işewürlerini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň