Arhiw

Berhiz lukmany her gün iýmeli däl önümleri sanady

13:3730.01.2023
0
28059
Berhiz lukmany her gün iýmeli däl önümleri sanady
Surat: docmed.ru

Russiýaly berhiz lukmany Lýudmila Mikitýuk her gün iýmek maslahat berilmeýän azyk önümlerini sanady diýip, «Life» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, her gün tunes balygyny iýmek ýerlikli däldir, sebäbi bu balyk özüne simap toplamaga ukyplydyr. Şeýle-de, lukman gyzyl eti her gün iýmekden saklanmaga çagyrdy, çünki şeýle eti siňdirmek üçin adam bedeni çakdanaşa köp güýç sarp edýär.

Pyrtykaldyr ondan taýýarlanan miwes şireleri hem her gün sarp etmek maslahat berilmeýän azyk önümleriň hataryna girýär. «Özüniň aýratyn tagamy bilen pyrtykal aşgazan şiresiniň turşulygyny ýokarlandyrýar. Bu gastritli, aşgazan ýaraly, aşgazan keselli adamlar üçin pyrtykaldan ýüz öwürmek üçin ýeterlik sebäpdir» diýip, berhiz lukmany aýdýar.

Galyberse-de, pyrtykal allergiýa eltýän önümlere degişlidir. Mikutýuk şeýle-de her gün kelem we ýeralma iýmekden saklanmagy maslahat berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň