ABŞ-nyň Milli saglyk institutynyň alymlary adam bedeninde suwuklyk ýetmezçiligi sebäpli natriniň ýokary derejede bolmagynyň garramany çaltlandyryp biljekdigini anykladylar. Ylmy-barlagyň netijeleri «eBioMedicine» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Täze barlaglara orta we gartaşan ýaşly adamlaryň 11 müňüsi gatnaşdy. Olaryň biologik ýaşy 15 sany alamat boýunça hasaplandy, şolaryň arasynda gan basyşy, ganyň düzüminde holesteriniň we şekeriň derejesi ýaly görkezijiler bar.
Alymlar 142 mmol/l-dan ýokary bolan natriniň derejesiniň ötüşen keselleriň ýitileşmek töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Mundan başga-da 144 mmol/l-den ýokary bolan natriý derejesi wagtyndan öň ölüm howpuny 21 göterime çenli artdyryp bilýär.
Beýleki çap edilen makalalary seljermek bilen, alymlar bedende natriniň has ýokary derejesiniň suwuklygy az içmek bilen baglydygyny anykladylar. Şeýle-de bu ugurdaky irki ylmy-barlaglar natriniň bedenden pes derejede çykarylmagynyň garramagy çaltlandyrýandygyny hem-de ömrüň dowamlylygyny kemeldýändigini görkezýär.
Şeýle-de okaň: