Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Xuping jewelry» dükanyna gipoallergen bižuteriýalaryň täze tapgyry gelip gowuşdy

10:1420.01.2023
0
55288

Ýokary hilli gipoallergen bižuteriýalaryň dükany «Xuping jewelry» Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny owadan we dürli görnüşli şaý-sepleriň täze tapgyry – ýüzükler, gulakhalkalar, zynjyrjyklar, bilezikler, kulonlar, şeýle hem birnäçe bezeglerden ybarat toplumlar bilen tanyşmaga çagyrýar.

«Xuping jewelry» hytaý haryt nyşanynyň bižuteriýalary altynyň we rodiýniň ýuka gatlagy bilen galwaniki örtmek usuly arkaly ýokary hilli gipoallergen erginden taýýarlanýar. Şonuň üçin hem «Xuping jewelry» şaý-sepleri ten bilen galtaşyk zerarly okislenmeýär, reňkini ýetirmeýär we metallara allergiýasy bolan adamlarda gyjynma döretmeýär.

Dükanyň täze toplumynda emeli kristallar bilen bezelen gulakhalkalaryň, ýüzükleriň gündelik we baýramçylyk üçin niýetlenen nusgalary, iň ýönekeýden çylşyrymla çenli we adaty bolmadyk usulda örülen zynjyrjyklaryň dürli görnüşleri bar. Görnüşleriň köplügi we amatly bahalar islendik waka hem-de islendik egin-eşik stiline gabat gelýän şaý-sepleri saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Dükanyň salgysy: Aşgabat, Parahat 4 ýaşaýyş toplumy, Ankara köçesi (öňki Ýubileýnaýa), 57-nji jaý, «Ýakut daşlar» dükany. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 94 44 48, (+993 65) 67 68 71.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň