Top.Mail.Ru

Gulakhalkany nähili saýlamaly: birnäçe ýönekeý usullar

0
34892
Gulakhalkany nähili saýlamaly: birnäçe ýönekeý usullar
Surat: ru.freepik.com

Erkek kişileriň bu sözbaşyny okap, gulakhalka dakynmagyňam bir kadasy bolarmy diýip, geňirgenmekleri mümkin. Ol çyndanam bar. Bu düzgünleri nazarda tutmak zerur bolup durýar, sebäbi ysyrgalar zenan maşgalalaryň esasy görnüp duran bezegleriniň biridir, olar üns çekýän hem-de ýüz keşbe we saça görä sazlaşýan bezeglikdir.

Stilistler bu bezeglikleri saýlanyňyzda ýüzüňiziň görnüşini göz öňünde tutmak bilen bagly «altyn» kadany ýatdan çykarmazlygy maslahat berýärler. Mysal üçin, kwadrat keşpli ýüzüňiz bar bolsa, aýlaw gulakhalkalary, ýüzüňiz inçe bolsa tegelek ýa-da uly şaý-sepleri dakynmak, üçburçluk ýüz üçin bolsa uzyn ysyrgalary saýlamak has gowudyr.

Surat: pinterest.com

Gulakhalkalary bedeniň reňkine gabat getirmek babatda has eýermeli bir kada bolmasa-da, bu aýratynlygy göz öňüne tutmalydyr. Brýunetlere we garaýagyzlara islendik reňkdäki daşlar bilen bezelen ysyrgalar gelşer. Saryýagyz zenanlarda bolsa ýyly öwüşginli (gülgüne, gök, ak) şaý-sepler has gowy görner.

Eger ysyrga saýlamakda gözleriň reňki bilen utgaşykly keşbi döretmek isleseňiz, onda ýa-ha göz bilen reňkdeş, ýa bolmasa-da oňa garşylykly reňkdäki ysyrgany saýlamak dogrudyr.

Surat: pinterest.com

Has sazlaşykly keşbi döretmek üçin saçyň taraşlanyş görnüşi hem az ähmiýetli däldir. Saldamly dürli şekilli we uzyn gulakhalkalary gündelik boglup uzynlygyna goýberilen hem-de boglup ýygnalan, ýa-da Golliwud stilindäki burum saçlar bilen utgaşdyryp baýramçylyk dabarasyna gitmek örän gelşikli obrazy döreder.

Uly gulakhalkalar boglup uzynlygyna goýberilen we boglup ýygnalan, şeýle-de has tekiz şekildäki goýberilen saç tärleri bilen oňat görünýär. 

Surat: pinterest.com

Halka-ysyrgalar islendik ýaşdaky we dürli hili ýüz keşpli zenanlar üçin gelşikli. Olar dürli hili taraşlanan, has uzyn ýa-da gysga goýberilen, agşam dabaralary üçin niýetlenen saçlar bilen owadan görünýär. Eger halka-ysyrgalary dakynylan ýagdaýynda, stilistler keşbiň kadalylygyny ýitirmezlik üçin boýna şaý-sepleri dakmazlygy maslahat berýärler.

Kist şekilli ysyrgalary egin-eşiginiň reňkiniň tonuna ýa-da gapma-garşylykly reňkde aýdyňlygy beýan etmek üçin saýlaýarlar. Şeýle hem bu ysyrgalar edil halka-ysyrgalar ýaly uzyn ýa-da gysga goýberilen saçlar bilen gelişýär.

Surat: pinterest.com

Saçyň bezegi barada aýdylanda bolsa, munda kare, piksi, bob ýaly gysga saçlara hem ähmiýet berilýär. Zynjyr şekilli saldamly gulakhalkalar, pussetler (çüýjagaz şekilli), kafflar, «lýustralar», uly halkalar — aksesuarlaryň zenanyň daş keşbine laýyk bolmagy üçin möhümdir.

Bu babatda has aýdyň gözelligi döredip bilmek assimetrik saçly zenanlar üçin hem hym düşmese gerek. Bezegdäki assimetriýa — has ýerlikli çözgütdir, ýagny bir gulaga uzyn göwrümli halka dakmak, beýleki gulaga bolsa gysga «çüýjagaz» şekilli gulaklahka dakynmak.

Şaý-sepleriň etiketinde kybap geljek tony saýlap almagyň özboluşly başga kadalary hem bar:

  • «Üçlük kadasy», has takygy şol bir wagtyň özünde 3 bölekden köp şaý-sep dakynmazlyk;
  • Gymmatbaha şaý-sepler we bižuteriýe özara sazlaşmaýarlar;
  • Zenan näçe ýaş bolsa, şonça-da uly we görnükli şaý-sepleri dakynyp biler.

Owadan şaý-sepler zenan maşgalalar üçin položitel duýgularyň çeşmesidir. Aşgabatda ýerleşýän «Ýakut daşlar» dükanyndaky gulakhalkalar, ýüzük ýa-da bilezik görnüşinde alyjylara ýetirilýän amatly bahaly sowgatlyklar bilen özüňizi we ýakynlaryňyzy begendirip bilersiňiz.

Parahat 4 ýaşaýyş toplumynda, Ankara (ozalky Ýubileýnaýa) köçesiniň 57-nji jaýynda «Xuping Jewelry» haryt nyşanly ysyrga we beýleki şaý-sep önümleri müşdrilere hödürlenýär.

«Xuping Jewelry» — Hytaýyň haryt nyşany bolup, häzire çenli dünýäniň onlarça ýurdunda özboluşly meşhurlyk gazanandyr.

Dükandaky her bir şaý-sep önümi medisina garyndysy esasynda altynyň hem-de rodiniň galwanik usulda örtülmegi bilen taýýarlanylýar. Hut şunuň üçinem olar reňkini saklamak bilen, garalmaýar hem-de beden üçin ýaramaz täsir etmeýär. Olary bezemek üçin bolsa ýokary hilli emeli daşlar we sirkonlar ulanylýar.

Aşgabatda ýerleşýän dükanyň harytlarynyň hatarynda gülýaka, kulon, şaý-sep toplumlary, ysyrgalar, ýüzükler, zynjyrlar ýaly bezeglikler bar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 94 44 48, (+993 65) 67 68 71.

Peýdalanylan çeşmeler: sunlight.net; volosomanjaki.com; pokrovgold.ru; gold.ua; pokrovgold.ru; diamant.ua; handmademart.net; jewel-classic.ru; alltime.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar