Soňky habarlar

Arhiw

«Soçi» Berdiýewiň baş tälimçilige bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi

16:5325.12.2022
0
34916

Russiýanyň «Soçi» futbol sosial torlaryndaky hasabynda toparyň baş tälimçiligine türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi.

Topar özüniň Telegramdaky kanalynda küşt oýnunyň elementleri esasynda düşürilen wideorolik ýerleşdirdi. Rolikde küşt mallarynyň her bir ýörişinden soňra Gurban Berdiýewiň gazanan üstünlikleri ekranda peýda bolýar. Wideoroligiň ahyrynda «Hoş geldiňiz, Gurban Bekiýewiç» diýlen sözler ýazylyp, «Partiýa başlanýar» diýen ýazgy ekrana çykýar.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew baş tälimçi hökmünde «Rubin» bilen iki gezek (2008, 2009) Russiýanyň çempiony bolmagy başardy. Türkmenistanly hünärmen 2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynda ýylyň iň gowy tälimçisi hökmünde ykrar edilipdi.

«Soçi» häzirki wagtda 17 oýunda 25 utuk toplap Russiýanyň premýer-ligasynyň turnir tablisasynda 9-njy ýerde barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň