Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar

23:5109.12.2022
0
37700

Şu gün türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde, türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp we doganlyk täjik halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Ilçihanasyna Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň «Ergeş Sultanow» daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak barada «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we mekdebiň binalar toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň