Türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we diplomatik wekilhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1996-njy ýylyň 27-nji noýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda berlen ýer bölegini peýdalanmak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) Ilçihanasyna öz işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak barada «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.