«Rosselhoznadzor»-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar

13:4308.12.2022
0
36546
«Rosselhoznadzor»-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar
Surat: fsvps.gov.ru

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Çaryýar Çetiýew Moskwada Russiýanyň weterinar we fitosanitar gözegçiligi boýunça federal gullugynyň başlygynyň orunbasary Konstantin Sawenkow bilen duşuşdy. Federal gullugyň berýän habaryna görä, 7-nji dekabrda Moskwada geçirilen duşuşykda taraplar weterinariýa we fitosanitar gözegçilik pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda 2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäginde alnyp barylýan we ýerine ýetirilen işler hem pikir alşyldy.

Türkmen tarapynyň degişli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga bolan gyzyklanmasyny göz öňünde tutup, «Rosselhoznadzor»-yň wekilleri weterinariýa we fitosanitar hyzmatlarynyň wekillerini Türkmenistana ibermegi teklip etdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň