Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Aşgabada uçuşlary dikelder, Bäherden etrabynda suw arassalaýjy toplum işe girizildi, türkmen keşdesi ÝUNESKO-nyň Sanawyna girizildi we beýleki habarlar

11:2502.12.2022
0
41454

1. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabada dowamly howa gatnawyny ýola goýýar. Uçuşlar 2022-nji ýylyň 7-nji dekabryndan başlap, hepdede iki gezek amala aşyrylar. Uçarlar Stambuldan Aşgabada çarşenbe we şenbe günleri, Aşgabatdan Stambula bolsa penşenbe we ýekşenbe günleri uçuş amala aşyrarlar. Mundan başga-da, «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Stambuldan Türkmenbaşa uçuş maksatnamasy hem dowam eder.

2. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda kuwwatlylygy bir günde 20 müň kub metr suwy arassalamaga mümkinçilik berýän täze suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Suw arassalanandan soňra ony daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, howdanlara we akabalara akdyrmak we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmak mümkindir. Suw arassalaýjy toplumyň taslamasy we gurluşyk işleri «Mukaddes toprak» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi.

3. Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKo-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle çözgüt guramanyň Hökümetara komitetiniň Morokko Patyşalygyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisiniň dowamynda kabul edildi. Keşdeçilik sungaty – Türkmenistanyň iň meşhur milli senetleriniň biridir. Bu gadymy senediň däpleri nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Keşde üçin ýüň, ýüpek, altyn, kümüş, dür, reňkli daşlar, teňňeler ulanylýar.

4. ÝUNFPA-nyň ýurduň ilaty we ösüş meseleleri boýunça Türkmenistandaky analitigi Döwran Ýamatow planetanyň ilatynyň 7-den 8 milliarda çenli ýetmegi üçin adamzada, ortaça, 12 ýylyň gerek bolandygyny, emma indiki milliarda çenli, takmynan, 14,5 ýylyň gerek boljakdygynyň çaklanylýandygyny gürrüň berdi.

5. «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli müşderilere ýyllyk 11%-lik ýokarlandyrylan goýum bilen hasap açmagy teklip edýär. Hasaby 1 ýyl möhlet bilen açmak teklip edilýär. Depozit hasabyny açmak üçin iň pes pul mukdary – müň manat. Ýokarlandyrylan goýum boýunça teklip diňe 2022-nji ýylyň 1-31-nji dekabry aralygynda hereket edýär.

6. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazan – Türkmenabat we Moskwa – Türkmenbaşy ugurlary boýunça ähli howa gatnawlarynyň 2022-nji ýylyň dekabr aýy we 2023-nji ýylyň ýanwar aýy üçin petekleri satuwa çykaryldy. Awiapetekleri diňe Russiýanyň satuw merkezlerinde we resmi saýtynda onlaýn görnüşde satyn almak mümkindir.

7. Şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň «RŽD Logistika» ulag kompaniýasy «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Türkmenistanyň üstünden ilkinji dowamly konteýner otly gatnawyny ýola goýdy. Häzirki döwürde bu ugur boýunça otly aýda bir gezek hereket edýär, emma kompaniýa «Demirgazyk – Günorta» HUG boýunça dowamly konteýner otlularynyň gatnawynyň ýygylygyny aýda 17 gezege çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. «Bu geljegi uly bolan ugur – ol has arzan we tiz» – diýip, Russiýanyň söwda boýunça Türkmenistandaky wekili Aleksandr Ýelizarow gürrüň berdi.

8. Saud Arabystanyň Er-Riýadda dünýäniň iň iri howa menzilleriniň birini gurmagy meýilleşdirýär. Täze howa menziliniň göz öňünde tutulýan meýdany – takmynan, 57 inedördül kilometrdir. Howa menzili 6 sany uçuş-gonuş meýdançasy bilen üpjün ediler. 2023-njy ýylda howa menziliniň 120 mln adama hyzmat edip biljekdigi çaklanylýar.

9. Futbol boýunça üç gezek dünýäniň çempiony, dünýä meşhur braziliýaly futbolçy «Futbolyň şasy» Pele hassahana ýerleşdirildi. Birnäçe wagt mundan öň türgeniň ýogyn içegesinde çiş dörändigi ýüze çykaryldy. Geçen ýylyň güýzünde ol operasiýa geçirdi we himioterapiýa bejergisini aldy, emma kesel täzeden gaýtalanyp, aşgazanda, bagyrda we öýkenlerde metastaz peýda boldy. Şu ýylda Pele onkologiýa bejergisi üçin Albert Eýnşteýn adyndaky klinika iki gezek ýerleşdirildi.

10. «Energetika-BGU» toparynyň özbek hüjümçisi Bobur Abduholikow Belarusyň çempionatynyň 2022-nji möwsüminiň netijeleri boýunça iň gowy futbolçy diýlip yglan edildi. Geçen möwsümde 25 ýaşly futbolçy Belarusyň çempionatynda 30 duşuşyga çykyp, 26 gol geçirdi we 4 sany netijeli pas berdi. «Energetika-BGU» Belarusyň çempionatynyň kümüş baýragyna eýe boldy.

Şeýle -de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň