Soňky habarlar

Arhiw

Bäherdende lagym suwuny arassalaýjy desga açyldy

11:2601.12.2022
0
31747

Düýn — 30-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginiň çäginde lagym suwuny arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze desga Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Mukaddes toprak» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Daniýanyň, Şwesiýanyň, Polşanyň we beýleki ýurtlaryň belli önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edildi.

Bir gije-gündizde lagym suwunyň 20 müň kub metrini arassalamaga mümkinçiligi bolan desga 4,2 gektar meýdanda ýerleşip, özboluşly toplumy emele getirýär. Onuň çäginde gurlan edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalaryny hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalaryň gurluşygynda ýokary talaplar göz öňünde tutulan. Ol ýerde howalandyryş, palçygy goýaltma, suwy durlatma howuzlary, şeýle-de palçygy guratma meýdançasy gurlupdyr.

Desganyň ulanmaga berilmegi bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki «Arçman» şypahanasyndan, şeýle-de Arçman we Keletdag obalaryndan akyp gelýän lagym suwlaryny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamaga we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga özboluşly mümkinçilik döredi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň