Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy dekabr aýy üçin Moskwadan we Kazandan Türkmenistana uçuşlara petekleriň bardygyny mälim etdi

19:0101.12.2022
0
60647

2022-nji ýylyň dekabr we 2023-nji ýylyň ýanwar aýlary üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazan — Türkmenabat we Moskwa — Türkmenbaşy gatnawlaryna petekleri satuwa çykarylýar. Bu barada şu gün «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş agentligi resmi «VK» sosial ulgamynda mälim etdi.

Howa peteklerini diňe Russiýanyň satuw ofislerinde däl, eýsem onlaýn resmi web sahypasynda hem satyn alyp bolýar.

Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuş üçin petekler 2, 7, 9, 10, 14, 16, 17, 24, 28 we 30-njy dekabr günleri üçin satylýar. Kazandan Türkmenabat şäherine — 5, 8, 12, 15, 19, 22, 26 we 29-njy dekabr günleri üçin elýeterlidir.

Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Türkmenbaşy şäherine howa petekleriniň bahasy 25,553 rubldan (2022-nji ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna), Kazandan Türkmenabat şäherine bolsa 25,612 rubldyr.

Güýz-gyş meýilnamasynda aşakdaky tertip boýunça Moskwadan Türkmenbaşy we Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlar amala aşyrylar:

Moskwa — Türkmenbaşy

  • «T5704» — çarşenbe güni 00:15-de ugraýar, 05:35-de gelýär.
  • «T5710» — anna güni sagat 10:35-de ugraýar, 15:55-de gelýär.

Kazan — Türkmenabat

  • «T5736» Duşenbe güni 00:35-de ugraýar, 06:05-de gelýär.
  • «T5738» — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar, 16:30-da gelýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň