Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «Çamsan Parkelam» dükanlary Parkelamlara we plintuslara bir aýlyk arzanladyş yglan etdi

09:4701.12.2022
0
18678

Türkiýäniň «Çamsan Parkelam» kärhanasynyň Türkmenistandaky resmi wekili gyşky arzanladyşyň başlandygy barada habar berýär.

1-nji dekabrdan 1-nji ýanwara çenli aralykda «Silver» (kümüşsöw) tapgyrly galyňlygy 0,8 mm bolan laminatlary 10% arzan bahadan almak bolýar. Şeýle-de «Çamsan Parkelam» dükanlarynda arzanladylan bahalardan «Çamsan» MDF plintuslar alyjylara ýetirilýär.

Dekor master MDF materialyndan ýasalýan plintuslaryň tapawutly aýratynlyklary hökmünde daşky gurşawyň täsirine durnuklylygy, gurnama işleriniň aňsatlygy we ideg etmegiň ýeňildigi ýaly taraplaryny bellemek bolar. Ýokary hilli plintuslar uzak möhlete hyzmat etmek bilen, ýanmaga we durkuny ýitirmäge garşy täsirli hem-de beýleki zyýanly zatlardan goraglydyr.

«Çamsan Parkelam» önümleriniň satuwynda ozal bar bolan pol örtüklerini ýa-da arzanladyş çäresinden peýdalanyp, amatly bahadan täze plintus alyp bilersiňiz.

Şunuň bilen birlikde, bu aksiýa satyn alnan harydy öýüňize tölegsiz eltip bermek we gurnap bermek mümkinçilikleri ýetirilýär.

Ýokary hil aýratynlygyna eýe bolan materiallary saýlap almakda bolsa «Çamsan Parkelam» dükanlarynyň satyjy-hünärmenleri ýardam bererler. Montaž işleri boýunça toparyň wekilleri satyn alan harydyňyzy edil gerekli bolan salga eltip, gysga wagtyň içinde gurnaýarlar.

«Çamsan Parkelam» kärhanasynyň Türkmenistandaky dükanlarynyň salgylary:

  • Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkeziniň arka tarapyndaky awtoduralganyň 0-njy gatyndaky 60-njy dükan. Telefon belgileri: (+993 64) 58 19 19; (+993 65) 72 41 91;
  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (2127), 41-nji jaý («Säher» binasy). Telefon belgileri: (+993 63) 72 62 74;
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Zelili köçesi, «Gurluşykçy» dükany. Telefon belgileri: (+993 65) 95 43 43, (+993 62) 95 43 43;
  • Mary welaýaty, Mary ş., Aýtakow köçesi (Kalinin), «Artiklar Gurluşyk» dükany. Telefon belgileri: (+993 62) 34 43 15.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň