«Ak Ulag» logistika kompaniýasy ulagyň dürli görnüşleri arkaly ýükleri daşamak hyzmatyny hödürleýär

09:2201.12.2022
1
20763

«Ak Ulag» ulag-logistika kompaniýasy Türkmenistanyň telekeçilerine we senagatçylaryna ýurduň içine we daşyna ýükleri daşamak hyzmatyny hödürleýär.

Ýükleri daşamak hyzmaty guramaçylyk, toplamak, ýuridik taýdan resmileşdirmek we ýüki barmaly nokadyna çenli alyp barmakboýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar. Daşaýjy (ekspeditor) ýükleriň daşalýan pursatynda olaryň abatlygyna jogap berýär, sargyt edijiniň daşamanyň ähli tapgyrlary barada habarly edip durýar, ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen meşgullanýar.

«Ak Ulag» kompaniýasynyň hünärmenleri awtoulag we demir ýol ulaglary arkaly dürli görnüşli ýükleri Türkmenistanyň sebitlerine, şeýle-de daşary ýurtlara daşamak boýunça baý tejribä eýedirler. Amatly nyrh syýasaty we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan aragatnaşyklar kompaniýa ähli bellenilen möhletlere eýermek bilen, müşderiler üçin bähbitli hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

«Ak Ulag» kompaniýasynyň merkezi edarasynyň salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 86-njy jaý, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 12) 75 43 44, (+993 61) 81 49 96. Elektron salgysy: sales-team@akulagtm.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň