Turkmenportal logo
03.10.22
2286622866
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Ulag» kärhanasy ýükleri howa ulaglary arkaly öz wagtynda eltip bermegi kepillendirýär

Ýükleri has uzak aralyga daşamak babatda howa ulaglary gatnawy iň çalt ýerine ýetirilýän usul hasap edilýär. Howa ýük gatnawlary gatnaw ugurlarynyň geografiýasynyň giňligi hem-de daşamasynyň tizligi bilen amatlydyr.


«Ak Ulag» ulag-logistika kärhanasy howa ulaglary arkaly ýükleriň islendik görnüşini daşamagy guramak bilen, howa ulaglarynyň bu tapawutly mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanýar. Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň hem-de ýük terminallarynyň wekilleri bilen alnyp barylýan ýygjam gatnaşyklar kärhananyň bu ugurdaky hyzmatlaryny ýokary derejede ýetirmegine, şeýle-de amatly bahalardan amala aşyrmagyna mümkinçilik berýär.


«Ak Ulag» kärhanasynyň hünärmenleri daşalmaly ýükleriň aýratynlyklaryna we müşderileriň mümkinçiliklerine esaslanmak bilen, olary eltip boljak ugurlary üns bilen seljerýärler hem-de amatly wagtda eltip berýärler.


Kärhananyň ýük gatnawlaryny ýerine ýetirmekde alyp barýan işi bilen has giňişleýin tanyşmak üçin şu salgyda ýerleşýän ofisine ýüz tutmak bolýar: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa), 86-njy jaý, 2-nji gat. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 75 34 44 we (+993 61) 81 49 96. Elektron poçta salgysy: sales-team@akulagtm.com.



Şeýle-de okaň: