Dekabrda Türkmenistanyň iki uniwersitetinde halkara olimpiadalar geçiriler

23:3118.11.2022
0
27338

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow dekabr aýynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara olimpiadalar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, 5 — 7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Geçiriljek halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda geçirilýän işleriň we halkara derejedäki aň-paýhas bäsleşikleriniň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi hem-de şeýle çäreleriň zehinli türkmen ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýändigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň