Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň nebit ministrini kabul etdi

21:5816.11.2022
0
25718
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň nebit ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda Eýranyň Türkmenistan bilen taryhy we medeni köklere esaslanýan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Özara hormat, ynam esasynda, iki halkyň ruhy ýakynlygynyň hem-de gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda guralýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk kanagatlanma bilen bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bu ulgamyň ösdürilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berýärler. Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň geljekde hem deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.

Eýranyň nebit ministri türkmen döwletiniň Baştutanynyň alyp barýan energetika syýasatyna hem-de onuň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan, ýurduň örän baý serişde mümkinçilikleri dünýä bileleşiginiň bähbidine gönükdirilen giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, goňşy ýurduň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän ulag, kommunikasiýa, gurluşyk we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini we taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji soňky ýyllarda täze ösüşe we many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň