Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilere ulag dolandyrylanda belent sesde aýdym diňlemegi maslahat bermeýär

14:2203.11.2022
0
20843

Türkmenistanyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilere ulag dolandyrylýan mahalynda belent sesde aýdym diňlemegiň zyýanly taraplary barada duýdurýar.

Sürüjileriň aglabasy ulagy ümsümlikde dolandyrmagy islemeýärler. Kimdir biri ulagy dolandyrýarka uklap galmakdan heder edip saz açýar, kimdir biri bolsa ýüregi gysyp aýdyma güýmenýär. Köplenç halatda diňlenýän aýdym-sazyň göwrümi rahatlygyň belli bir derejesinden geçmeýär, ýöne ýolda ulagda wagty sürüjileriň, hatda pyýadalaryň hem ünsüni çekýän derejede ulagyň aýdymyny has belent sesde goýýan sürüjiler hem bar.

Ýer ýüzüniň alymlary has güýçli sesli we ritmiki sazlary diňlemegiň zyýan edip bilýändigini birnäçe ýola subut etdiler. Bu ýagdaý ilki bilen ýoldan ünsüňi sowýar. Saz gaty güýçli we ritmli bolsa, sürüji biygtyýar beden hereketlerini edip başlaýar — başyny atýar, ritmi aýaklary ýa-da elleri bilen gaýtalaýar, käte bolsa aýdyma sesini goşýar. Ýolda ulaglar has dyknyk bolan ýagdaýynda bu heläkçilige hem sebäp bolup biler — tormozy ýa-da gaz pedalyny giç basmak ýa-da ruly wagtynda öwrüp ýetişmezlik we ş.m.

Ikinjiden, aýdym-saz, adatça, diňleýjä käbir ýagdaýlara baglylykda duýgulaýyn täsir edýär. Ýagny, mysal üçin, şatlyk, begenmek, gynanmak we ş.m. Duýgy nädereje güýçli bolsa, şonça-da sürüjiniň ünsüni sowup, aýdym-saz bilen meşgullanmaga, kähalatda ýoldan sowmaga hem mejbur edýär. Bu bolsa adamyň položitel ýa-da otrisatel duýgulary başdan geçirýänligine bagly däldir. Şonuň üçin bu hili ýagdaýda has emosional täsirli duýgulary döretmeýän aýdym diňlemek makul bolup biler.

Üçünjiden, gaty çykýan ses töwerekdäki beýleki sesleri peseldýär — sürüji bu ýagdaýda beýleki sürüjileriň signallaryny ýa-da hereketlendirijiniň sesini eşidip bilmez. Şeýlelik bilen, gapynyň ýapylanyny-ýapylmanyny ýa-da hereketlendirijidäki goşmaça sesleri, ýagny awtoulagyň elektronikasynyň signalyny eşidip bilmersiňiz. Bu bolsa ýakyn wagtda ulagyň düzüm bölekleriniň hatardan çykmagyna getirip biler. Käwagt motoryň sesiniň üýtgemegine tiz diň salyp üns bermeli ýagdaýy bolýar.

Ulagda gaty bass täsirli aýdymlary diňlemek örän zyýanlydyr. Gaty güýçli subwufer basslaryň tutuş maşyny we esasanam yzky aýnany titretmeginden başga-da, şunuň ýaly baslardan hemişe emele gelýän infrases adam aňyna ýaramaz täsir edýär. Ol kellagyry, eşidişiň, ýürek urşunyň peselmegi we hatda howsalalylyga ýakyn duýgulary hem döredýär. Infrasesiň adam bedenine ýaramaz täsir edýändigi subut edildi. Wibrasiýa we pes ýygylykly sesler ulagyň käbir düzüm böleginiň ýaramlylyk möhletini ep-esli azaldyp biler.

Hünärmenler ulag dolandyrylan mahalynda aýdym-sazy ortaça, laýyk ses belentliginde diňlemegi, dyknyk giň awtoulag ýollarynda ýa-da ýolda ulag köp bolan ýagdaýynda ünsüňi sowmaz ýaly ony mümkin boldugyndan diňlemezligi maslahat berýärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň