Top.Mail.Ru

«Ms studio» fotostudiýasy önümleri surata düşürmek hyzmatyny ýerine ýetirýär

09:5831.10.2022
0
16950

Predmet fotografiýasy — bu surata düşürmegiň özboluşly bir žanry bolup, ol harydy «ýüz» hökmünde görkezmegi talap edýär. Hut şonuň üçinem sargytçy müşderileriň aglabasy suratda hiç hili ýetmezçiligiň bolmazlygyny ündemek bilen önümiň fotosuratlaryna uly talap bildirýärler. Olar suratyň has dury, artykmaç täsirsiz bolmagyny isleýärler.

Predmet fotografiýasynyň islendik görnüşine sowatly çemeleşmek hökmanydyr. Şol bir usul bilen atyr çüýşesini hem-de interýer bezegini deň surata düşürmek mümkin däldir.

Mysal üçin, zergärçilik gymmatlyk bezeglerini surata düşürmekde diňe bir çeperçilik düşünjäniň bolmagy däl-de, eýsem ştatiwden başlap makroobýektiwi dogry gurnamaga çenli köp sanly tehniki zerurlyklar gerekdir. Edil şonuň ýaly talaplar kosmetika, aşhana önümleri we beýleki şu hili predmet fotosuratlary üçin hem bildirilýär.

Eger siz haýsydyr bir önümi öndürmek ýa taýýarlamak, ýa bolmasa-da diňe önümiň satuwy bilen meşgullansaňyz ony köp halatda mahabatlandyrmak gerek bolýar. Bu ýagdaýda öz harydyňyzyň häsiýetli aýratynlyklaryny has aýdyň açyp görkezmekde muny başarjak has tejribeli fotostudiýalara ýüz tutmaly bolýar.

Aşgabatdaky «ms studio» fotostudiýasy satuw maksatly ugra degişli reklamalar, kataloglar, internet-dükanlary, marketpleýsler, sosial ulgamlary we beýleki dürli isleglere laýyklykda harytlaryň fotosuratlaryny professional derejede düşürýär. Fotostudiýanyň hünärmenleri harytlary surata düşürmekde onuň iň amatly taraplaryny kesgitlemäge ýardam ederler.

«Ms studio» fotostudiýasynyň tejribeli fotosuratçylary müşderileriň isleglerinden ugur alyp, harydyň özüne laýyk gelýän fonlary saýlap, kybap gelýän reňkleri ýerleşdirýärler. Olar önümi gaýtalanmajak görnüşde surata düşürip, alyjylara oňyn täsir etmäge ýardam bererler.

Predmet fotosuratlary fotostudiýanyň özünde, şeýle-de müşderiniň isleýän ýerinde alnyp bilner. Eger studiýadan daşynda surata düşürmeli bolan ýagdaýynda fotograflar munuň üçin zerur bolan ähli gurallaryny ýanlary bilen alýarlar. Fotosessiýanyň esasy şertleri öňünden kesgitlenip çözülýär. Şonuň bilen birlikde, her bir müşderä fotosuratlaryň düşürilişi babatda tölegsiz maslahatlar berilýär.

Fotostudiýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň