Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Çehiýanyň Prezidentini gutlady

10:2128.10.2022
0
20782
Serdar Berdimuhamedow Çehiýanyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Miloş Zemana tüýs ýürekden berk jan saglyk we abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň