Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Ýoga merkezinde ýoga sapaklary geçirilip başlandy

17:5030.09.2022
0
26075
Aşgabatdaky Ýoga merkezinde ýoga sapaklary geçirilip başlandy

«Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky Ýoga merkezinde ýoga sapaklary geçirilip başlandy. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Munuň üçin Hindistandan ýörite ýoga tälimçisi Aşgabat şäherine geldi.

«Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky Ýoga merkeziniň ýoga sapaklaryna ýazylyp bilersiňiz.

Sapaklar duşenbe — anna günleri 07:00-dan 08:00-a çenli; 08:00-dan 09:00-a çenli; 09:00-dan 10:00-a çenli; 18:00-dan 19:00-a çenli; 19:00-dan 20:00-a çenli geçirilýär.

Ozal Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bag ekmek çäresini geçirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň