Aşgabadyň «Halk market» supermarketler zynjyrynda hemişe konditer we çörek önümleriniň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenýär.
«Balam» konditer fabrikasynyň bally kökeleri (pirožnoýe), kökeleri, tortlary, kruassanlary, supermarketiň hususy çörekhanasynda taýýarlanýan içi dürli huruşlar bilen doldurylan ter bulkalar, şeýle hem türkmen we daşary ýurt öndürijileriniň kärhanada öndürilýän süýjülikleri «Halk marketiň» myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.
Ter çörek we konditer önümlerini gönüden-göni marketiň özünde satyn alyp bilersiňiz, şeýle hem dükanyň saýtynda sargyt edip hem bilersiňiz. Satyn alan harydyňyz Aşgabadyň çägine hem-de şäheriň etegindäki ýaşaýyş nokatlaryna eltip berler we 1-2 sagadyň dowamynda taýýar ediler.
«Halk market» dükanlary «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde, Ankara köçesiniň ugrunda, «Rysgal» bankynyň binasynyň ýanynda öz alyjylaryna garaşýar. Telefon: (+993 65) 11 48 62.
Şeýle-de okaň:
- «Halk market» özüniň resmi saýtynda uzak aralykdan söwda etmäge çagyrýar
- «Halk marketde» «Rysgal» PTB-niň Maestro karty bilen söwda edenlere 6% keşbek ýetirilýär
- «Halk market» müşderileriniň arasynda 5000 sany sowgatly oýun oýnaýar
- Aşgabadyň «Halk market» dükanlar torunda 6% çenli sylag almak mümkin