Soňky habarlar

Arhiw

«Halk market» müşderileriniň arasynda 5000 sany sowgatly oýun oýnaýar

09:4123.07.2022
0
30584

Parahat-7 kiçi etrapçada ýerleşýän «Halk market» söwda torunyň dükany müşderileri üçin utuşly aksiýa yglan edýär. Aksiýanyň çäklerinde alyjylar hojalyk tehnikalaryny, mobil telefonlary, öý üçin harytlary we beýleki sowgatlary utup bilerler.

Munuň üçin dükanda 250 manatlyk söwda etmek ýeterlikdir, şeýlelikde, 5 müň sany sowgat hödürlenýän utuşly lotoreýa oýnuna gatnaşmaga hukuk gazanýarsyňyz.

«Halk marketiň» wekiliniň bellemegine görä, aksiýa diňe: Aşgabat, Parahat-7, Ýunus Emre köç., «Bereketli Bazarly» söwda merkezi salgysynda ýerleşýän 285-nji dükanda hereket edýär we ähli sowgatlar eýelerine gowuşýança dowam eder.

Häzirki wagtda «Halk market» dükanlar torunyň Türkmenistan boýunça 8 sany dükany bardyr – Aşgabatda, şeýle-de Lebap we Balkan welaýatlarynda. Söwda nokatlarynda dürli derejedäki harytlaryň baý görnüşleri hödürlenýär: azyk önümleri, hojalyk himiýa srişdeleri, kosmetika we beýlekiler.

Utuşly oýun hakynda: (+993 64) 03 65 56 telefon belgisinden ýa-da sosial ulgam sahypasynda has anyk maglumatlary alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň