Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň kararlaryny tassyklady

21:4301.09.2022
0
24939

Habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, guramanyň täze ýolbaşçylary saýlanyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 7/1-nji karary tassyklanyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazpolat Nurpoladowiç Keriýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 7/2-nji karary tassyklanyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň