Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip has köp suw içmegi endik edinmek barada 4 maslahat

15:4831.08.2022
0
25598

Agyz suwunyň peýdasy hemmämize mälimdir, emma nädip has köp suw içmegi endik edinmeli we ony gündelik tertibimiziň aýrylmaz bölegine öwürmeli.

Eger siz suwuň arassa tagamyny halamaýan bolsaňyz, oňa limon, narpyz, ir-iýmişleri ýa-da miweleri goşup bilersiňiz. Şeýle-de tagam bermek üçin ýörite galyplarda apelsiniň ýa-da greýpfrutuň ter şiresini doňduryp, miwe buzlaryny onuň içine atyp bilersiňiz.

Diýetologlar suwuň sarp edilişini islendik bir hereket bilen berkitmegi maslahat berýärler. Meselem, işden gelnen wagty, günortanlykdan öň ýa-da ş.m. ýagdaýlarda bir bulgur suw içmek.

Mobil telefonyňyzda bellenen ýatlatma belligi arkaly hem özüňizi muňa ruhlandyryp bilersiňiz. Smartfonlar üçin ýörite mobil goşundylardan hem peýdalanyp bilersiňiz.

Ýene-de bir täsirli usul – ýanyň bilen suw götermek. Gezelençde, dükana gidilende, işe barýarkaňyz bir çüýşe suw hemişe ýanyňyzda bolmalydyr.

Türkmenistanda alkogolsyz içgileriň we gaplanan agyz suwunyň bazarynyň dowamly ösýändigini bellemek gerek. ýurdumyzyň dükanlarynda hödürlenýän görnüşleriň arasynda «Täjir Ýyldyzy» hususy kärhanasynyň «Buzly Dag» haryt nyşanly agyz we minerallaşdyrylan suwlary uly islegden peýdalanýar.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça alnyp barylýan syýasat ýaş «Täjir Ýyldyzy» kärhanasynyň (2019-njy ýyl) ösmegine we geljekde hem giňemegine itergi berýär.

«Buzly Dag» haryt nyşanly önümler Türkmenistanyň ykdysady ulgamynyň gazananlarynyň sergilerine yzygiderli gatnaşýar. «Buzly Dag» içgileriniň ýigrimiden gowrak görnüşlerini hödürleýär.

Hyzmatdaşlyk üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý; telefonlar: (+993 12) 21 62 68; (+993 12) 57 61 29; (+993 65) 66 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň