Suw içmegiň peýdasy: Esasy faktlara ýüzleneliň

10:3714.07.2022
0
7359

Yssy howada agyz suwlaryna uly gyzyklanma bildirilýär. Bu babatda «Täjir Ýyldyzy» hojalyk jemgyýeti hem agyz suwlarynyň dürli görnüşlerini öndürip alyjylar köpçüligine hödürleýär.

Kärhananyň hünärmenleri «Buzly Dag» haryt nyşanly öndürilýän içgileriň taýýarlanylyşyndaky suwuň ýokary derejede arassalanmagyny üpjün edýän ýörite süzgüçlerden geçirilmegi, ozonirlemek üçin enjamlar, steril gaplar we beýleki tapgyrlary ýaly tehnologiýalaryna we olaryň hiline aýratyn üns bilen çemeleşýärler.

Kada laýyk derejede suw içmegiň peýdaly taraplary barada birnäçe fakt:

  • Iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar;
  • Işjeň maddy çalşygyny saklamaga ýardam edýär;
  • Erkin gan aýlanyşy üpjün edýär;
  • Beýniniň işleýşini we hereketi gowulandyrýar;
  • Bedenden toksinleri we duzlary aýyrýar;
  • Derini sagdyn we ýaş saklamaga ýardam edýär.

BSG-niň berýän maglumatlaryna laýyklykda, her bir adam üçin 1 kilogram agram derejesine 30 millilitr suw içmek kadaly diýlip kesgitlenilýär.

Hünärmenler şunuň bilen birlikde teşne gezmezden, suwsan mahalyň dessine suw içmegi maslahat berýärler. Wagtly-wagtyna suw içmegi ýola goýmak we ony endige öwürmek üçin bolsa ykjam telefonlarda wagt habarnamalaryny düzmek bolar. Ýokary hilli we arassa öndürilen «Buzly Dag» haryt nyşanly içgiler bolsa size teşneligiňizi gandyrmaga ýardam berer.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • Kärhananyň dükanynyň salgysy: Änew şäherçesi, Telekeçiler köçesi, 12-nji jaý;
  • Kärhananyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý;
  • Telefon belgileri: (+993 12) 21 62 68; (+993 65) 57 61 29.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň