Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Azerbaýjanyň Şuşa şäherine baryp gördi

14:2323.08.2022
0
26921

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky täze bellenilen ilçisi Gurbanmämet Elýasow Şuşa şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berilýär.

Şuşa şäherinde türkmen diplomaty Azerbaýjanyň Prezidentiniň sebitdäki ýörite wekili Aýdyn Kerimow tarapyndan kabul edildi.

Gurbanmämet Elýasow şäher, onuň taryhy we mundan beýläkki ösüş meýilnamalary bilen tanyşdyryldy.

2021-nji ýylyň maý aýynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Şuşa şäherini Azerbaýjanyň medeni paýtagty diýip yglan etmek baradaky Karara gol çekdi. Şeýle-de 2022-nji ýylyň Azerbaýjanyň Şuşa şäheriniň ýylydygyny yglan etdi. Şu ýylyň martynda bolsa Şuşa 2023-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Gurbanmämet Elýasow Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gurbanmämet Elýasow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Ilçi şu ýylyň 4-nji awgustynda Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen, 16-njy awgustda bolsa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň