Top.Mail.Ru

«Saudi Aramco» kompaniýasynyň girdejisi artdy

14:3016.08.2022
0
1994
«Saudi Aramco» kompaniýasynyň girdejisi artdy
Surat: middleeastmonitor.com

Saudyň «Saudi Arabian Oil Co. (Saudi Aramco)» Döwlet nebit kompaniýasy 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda sap girdejisini tas 90 göterim artdyrdy, muňa nebitiň dünýä bahalarynyň ösüşi sebäp boldy diýip, «Interfax.ru» habar berdi.

Aprel-iýun aralygynda kompaniýanyň sap girdejisi bir ýyl mundan öň 25,5 milliard dollar bolanlygynyň deregine 48,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy, bu kompaniýada 2019-njy ýyldan bäri rekord görkezijidir.

«Saudi Aramco» düşewündini 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda 88 milliard dollara çenli artdyrdy.

Girdejileriň köpelmegine nebitiň nyrhynyň artmagy we hakyky aňladylmada satuwlaryň, şeýle-de nebiti gaýtadan işlemekde hem-de nebithimiýasynda operasiýalaryň düşewüntliliginiň ýokarlanmagy sebäp boldy.

Uglewodorodlaryň gazylyp alnyşynyň umumy möçberi ikinji çärýekde gije-gündizde nebit ekwiwalentde 13,6 barrele deň boldy.

Maýa goýumlary ady agzalan döwürde 9,4 milliard dollary düzdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25 göterim ýokarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň