Top.Mail.Ru

Arhiw

«Liwerpul» FK — «Ramsey» türk brendiniň taryhynyň futbol sahypasy

09:2730.07.2022
0
5863

«Ramsey» türk brendiniň ajaýyp egin-eşikleri eýýäm ýarym asyr bäri milliligine we medeni däplerine garamazdan Ýer ýüzünde erkekleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Brend egin-eşikleriniň aristokratik öwüşginini hem-de birkemsiz çyzgylaryny 1972-nji ýylda esaslandyrylan ýeri bolan London şäheriniň däplerinden nusga alypdyr.

«Ramsey» bilen Beýik Britaniýany baglanyşdyrýan zat diňe bir bu ýerdäki 12 ýyllyk iş tejribesi bolman, eýsem, Angliýanyň meşhur futbol kluby bolan «Liwerpul» bilen bagly hemaýatkärlik şertnamasydyr. 2012-nji ýyldan başlap dört ýylyň dowamynda klubuň futbolçylary «Ramsey» haryt nyşanly penjeklerden we köýneklerden geýindiler hem-de bu brendiň aksessuarlaryndan peýdalandylar.

Futbol klubuň «Enfild» ýerli meýdançasynda geçen ylalaşyga gol çekişmek dabarasynda mersisaýdlylaryň maliýe boýunça direktory Filip Neş futbol toparynyň «Ramsey» brendini saýlamagynyň esasy sebäbi egin-eşikleriň hili hem-de zero weight (iňlisçe. Nola deň agram) tehnologiýasydygyny belläp geçdi.

«Ramsey» brendiniň meşhurlygynyň syry hem önümçiligiň hil standartyna ýokary derejedäki gözegçiligi hem-de önümçilikde innowasion çözgütlere ymtylýandygy bilen düşündirilýär. Bu ýerde egin-eşikleriň önümçiliginde pagta, ýüň hem-de ýüpek ýaly tebigy çig mallardan peýdalanylýar.

Bu günki günde «Ramsey» brendiniň Ýer ýüzi boýunça 200-den gowrak dükany bar.

Brendiň Türkmenistandaky resmi dileriniň dükany Aşgabatdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýär. Dükanyň harytlarynyň hataryny dürli stile laýyk gelýän we nusgawy moda egin-eşikleri, gündelik geýmek üçin niýetlenen ýakymly geýimler, şeýle-de köwüşler we erkekler üçin aksessuarlar düzýär.

Ýeri gelende Aşgabatdaky «Ramsey» dükanynyň utuşly aksiýa çärelerini yzygiderli geçirmek bilen, müşderilere sowgatlary paýlaýandygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda hem dükanyň ähli müşderilerine Asman shop kartlaryndan söwda edilen ýagdaýynda 10% puluny yzyna gaýtaryp berme mümkinçiligini amala aşyrýandygyny bellemek gerek.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 61) 64 41 18;
  • Sosial ulgamdaky sahypasy.

Çeşme: hurriyetdailynews.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň