Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023 (U23) ýaryşynyň toparçadaky jemleýji aýlawynda Kataryň milli ýygyndy topary bilen deňme-deň oýnady.
Taşkent şäherinde geçen duşuşyk 2:2 hasap bilen tamamlandy. Kataryň düzüminden Osama Al-Tairi iki goly bilen tapawutlanan bolsa (65-nji hem-de 73-nji minutlar), türkmen futbolçylardan duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna giren Begençmyrat Myradow yzygiderli iki goly geçirip (75-nji we 85-nji minutlar), toparynyň indiki tapgyra geçmegine ýardam etdi.
Toparçasyndan 4 utuk bilen çykmagy başaran türkmen ýygyndy topary ýaryşyň çärýek final tapgyrynda Awstraliýanyň milli ýygyndysyna garşy çykyş eder. Şeýle-de bu toparçada ahyrky orny katarlylar, üçünji orny bolsa 2 utuk bilen Eýranyň ýygyndysy eýeledi. Toparçada birinji orny bolsa 7 utuk bilen özbekler gazanmagy başardylar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Aziýa kubogy-2023 ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda çykyş eder. Bu ýagdaý türkmen futbolynyň nobatdaky üstünligidir.