Turkmenportal logo
07.06.22
2036520365
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Katar bilen oýnalan deňme-deňlik Türkmenistanyň milli ýygyndysyny pleý-off tapgyra çykardy
Katar bilen oýnalan deňme-deňlik Türkmenistanyň milli ýygyndysyny pleý-off tapgyra çykardySurat: AFC

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023 (U23) ýaryşynyň toparçadaky jemleýji aýlawynda Kataryň milli ýygyndy topary bilen deňme-deň oýnady.


Taşkent şäherinde geçen duşuşyk 2:2 hasap bilen tamamlandy. Kataryň düzüminden Osama Al-Tairi iki goly bilen tapawutlanan bolsa (65-nji hem-de 73-nji minutlar), türkmen futbolçylardan duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna giren Begençmyrat Myradow yzygiderli iki goly geçirip (75-nji we 85-nji minutlar), toparynyň indiki tapgyra geçmegine ýardam etdi.


Toparçasyndan 4 utuk bilen çykmagy başaran türkmen ýygyndy topary ýaryşyň çärýek final tapgyrynda Awstraliýanyň milli ýygyndysyna garşy çykyş eder. Şeýle-de bu toparçada ahyrky orny katarlylar, üçünji orny bolsa 2 utuk bilen Eýranyň ýygyndysy eýeledi. Toparçada birinji orny bolsa 7 utuk bilen özbekler gazanmagy başardylar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Aziýa kubogy-2023 ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda çykyş eder. Bu ýagdaý türkmen futbolynyň nobatdaky üstünligidir.