Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde halkara resminamalaryň birnäçesi tassyklandy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Mejlisiň täze palatasy tarapyndan şu aşakdaky resminamalar kabul edildi:
- «Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda»,
- «Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda»,
- «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda».
Belläp geçsek, Türkmenistan häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 152-sini kabul etdi. Olaryň arasynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary tarapyndan kabul edilen 133 konwensiýa bar.