Turkmenportal logo
16.04.22
60036003
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan halkara resminamalaryň birnäçesini tassyklady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde halkara resminamalaryň birnäçesi tassyklandy.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Mejlisiň täze palatasy tarapyndan şu aşakdaky resminamalar kabul edildi:


  • «Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda»,
  • «Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda»,
  • «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda».

Belläp geçsek, Türkmenistan häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 152-sini kabul etdi. Olaryň arasynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary tarapyndan kabul edilen 133 konwensiýa bar.