Soňky habarlar

Arhiw

Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

18:3207.04.2022
0
19016

2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça amala aşyryljak bu ýörite gatnaw «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Bu gatnawdan Belarusda okap ýören talyplar we beýleki türkmen raýatlary peýdalanyp bilerler. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Belläp geçsek, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň guramagynda Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary yzygiderli guralýar. Biz «Turkmenportal» web saýtymyzda ýörite uçarlar barada yzygiderli habar berip durýarys. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawlarynyň şu ýylyň mart aýynda dördüsi amala aşyryldy. Şeýle hem bu ugur boýunça aprel aýynda amala aşyryljak ilkinji ýörite uçuş ertir, ýagny 8-nji aprelde ýerine ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň