Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly telekeçi badam agajynyň 6 müň düýbüni ýetişdirýär

10:3702.04.2022
0
4812
Türkmenistanly telekeçi badam agajynyň 6 müň düýbüni ýetişdirýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sapardurdy Nazlyýew 5 gektar meýdanda badam agajynyň 6 müň düýbüni ekdi. Bu agaçlar geljek ýylda ilkinji hasylyny berip başlar. Bu barada TSTB-niň resmi web saýty «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtyna salgylanyp habar berýär.

Telekeçi S.Nazlyýewiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde döwrebap ýyladyşhanasy bar. Bu ýyladyşhana geçen ýyl welaýatda işe girizilen alty ýyladyşhananyň biridir. Telekeçiniň ýyladyşhanalary 4 gektar meýdany eýeleýär. 2021-nji ýylda telekeçi ýyladyşhanadan 400 tonna pomidor hasylyny almagy başardy. Pomidor hasylyny ýygnalandan soň ol ýyladyşhanany bulgar burçunyň dürli görnüşlerini ekmek üçin taýýarlady. Möwsümiň ahyryna çenli ýyladyşhana toplumyndan 200 tonnadan gowrak bulgar burçuny almak meýilleşdirilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, badam agaçlaryny suwarmak ýyladyşhanadaky ekinler suwarylanda suwdan tygşytly peýdalanmagyň hatyrasyna artykmaç suwlary ýörite akarlaryň kömegi bilen bir ýere toplanmak arkaly amala aşyrylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň