Daşoguz welaýatynyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler

23:1830.03.2022
0
11567

Şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, biraz giç başlaýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşigi ekiş möwsüminiň başlamagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň merkezine öwrülip, bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Mowzuklaýyn çäreler Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda we sebitiň beýleki ýerlerinde geçirildi.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň daýhanlary orta süýümli pagtanyň «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «S-4727», «Jeýhun», «F-149», «Ýolöten-39» ýaly görnüşlerini ýetişdirýärler.

Welaýatda ýerleri ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň uly toplumy, ýagny ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2552-si bar. Şolaryň aglabasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «John Deere» we «CLAAS» kompaniýalaryndan satyn alnan traktorlardyr. Ekijileriň 454-si bökdençsiz ekiş işini üpjün eder. Olaryň hatarynda «Monosem» kompaniýasynyň sekiz hatarly ekijileri we beýleki enjamlary bar.

Mundan başga-da, welaýatda ýörite toparlar döredilip, olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi. Bu bolsa bereketli hasylyň ygtybarly binýadyny goýýan ekerançylyk işleriniň bökdençsizligini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýazky möwsümiň öňüsyrasynda Daşoguz welaýat häkimliginde maslahat geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi-pagtaçylar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň