Top.Mail.Ru

Daşoguz welaýatynda çagalar üçin seýilgähiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

12:1928.03.2022
0
16805

2020-nji ýylda Türkmenistanda ýylyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň merkezinde 1,5 gektar meýdany tutýan çagalar üçin dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Daşoguz habarlary» welaýat gazetiniň habaryna salgylanyp Jeyhun.news habar berýär.

Bu dynç alyş merkezinde çagalar üçin niýetlenen 9 sany attraksion, awtodrom, edara jaýynyň binasy bilen birlikde 50 orunlyk kafe we beýleki zerur oňaýlyklar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, bu ýerde myhmanlar üçin awtoduralga hem hyzmat eder. Bu desganyň Çagalary goramagyň halkara gününe çenli doly taýýar edilmegi baýramçylyga ajaýyp sowgat bolar.

Belläp geçsek, çagalar üçin döwrebap seýilgähiň gurluşygyny «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy alyp barýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň